
Adyllykda taryhda yz goýan hökümdarlaryň biri Nowşirwanyň akylly, adalatly, ýurdy parasatlylyk bilen ýöreden weziri bolupdyr. Emma hökümdaryň daş-töweregindäki göripler oňa bahyllyk edip, Nowşirwanyň ýanynda ony ýamanlaýarlar. Onuň halka zulum edýändigini, welaýatlary tozdurandygyny aýdyp, Nowşirwanyň oňa bolan pikirini üýtgedipdirler. Wezir patyşanyň özüne bolan garaýşynyň üýtgändigini aňyp, öz islegi bilen wezipesinden el çekýändigi hakynda Nowşirwana hat ýazýar. Hatynda patyşa ýüzlenip: «Men patyşa hezretlerine köp hyzmat etdim. Men patyşamyzyň göripleriň gepine, arabozarlaryň gybatyna gidip, men babatda günä gazanmagyny islämok. Men wezipämi tabşyrýaryn. Men durmuşymy dolandyrmak üçin sähelçe gün-güzerana kanagat ederin. Patyşa hezretlerinden maňa ýaşamaga ýigrimi gez ekin bitmeýän, taşlanan arryk ýer bermegini isleýärin. Men şol ýeri abat edip, özümiň hem maşgalamyň gün-güzeranyny şol ýerden görmek isleýärin» diýýär. Nowşirwan bu haýyşyň ýeňil islegdigini nazara alyp, ýurdunda ýigrimi gez arryk, taşlandy ýeri tapmaklygy tabşyrypdyr. Emeldarlar hernäçe aýlansalar-da, weýran bolup ýatan ýer tapmandyrlar. Olar bu ýagdaýy Nowşirwana ýetiripdirler. Wezir şonda patyşa şeýle mazmunly hat ýollaýar: «Meniň bu islegden maksadym, duşmanlarymyň men hakda aýdanlarynyň töhmetdigini, özümiň päkdigimi subut etmekdi. Mundan başga-da, men patyşa ýurdumyzyň ähli ýerini şeýdip abatlandygymy ýatlatmak isledim. Goý, patyşamyz meniň ýerime işe aljak wezirini hem işinden boşadanda ýerlerimiziň şular ýaly abatlygyna göz ýetirsin!»
Nowşirwan wezirine nähak ýere ynanmazçylyk edendigine göz ýetirip, oňa halat-serpaý ýapypdyr. Garşydaşlaryny bolsa berk jezalandyrypdyr.
