
Gadymy döwürlerde ajam şalarynyň biriniň akylly weziri bolupdyr. Ol bir gün wezire ýüzlenip:
— Men bu dünýäde kakamdan köp iýýärin we raýatlaryma ondan köp jomartlyk edýärin. Muňa garamazdan, adamlaryň kakamy menden ýokary saýmaklary, onuň döwrüni arzuw etmekleri nämedenkä? – diýýär. Wezir patyşa garap:
— Sebäbi, kakaň döwlet işlerini öz wagtynda edýärdi, jomartlygyny tüýs ýerine düşürýärdi. Ýurdy dolandyrmagyň işlerini dynman, aýş-eşrete baş goşmazdy. Şonuň üçinem, onuň eýýamy iň ýakymly döwürler bolup, adamlaryň ýadynda galdy – diýip jogap berýär.
