Çagyrylmadyk myhman

Bir gün Buharanyň at-abraýly kişileriniň biri haj parzyny berjaý etmek üçin Mekgä gidýär. Ol doly taýýarlykly, hemme zady üpjün ýüz düýeden gowrak kerwen bilen ýola düşüpdir. Onuň özi düýäniň üstünde bir kejebä münüp barýan eken. Onuň ýanynda köpsanly beýik alymlardyr akyldarlar hem bolupdyr. Ol Arafat dagyna ýetende, onuň öňünden aç-ýalaňaç, aýaklary gan-gabarçak bolup giden bir derwüş çykýar. Derwüş ilki öz halyny synlaýar, soňam buharaly hajynyň aňyrdan haýbatly gelşine seredip, şeýle diýýär:

— Meniň hajymyň sogaby bilen seniňki deň bolarmyka?! Sen aňrybaş ýeňillik, bol nygmat bilen, men bolsa uly mähnet bilen haj edýärin.

Buharaly begzada:

— Hudaý saklasyn, meniň sogabym seniňki bilen deň bolmaz. Eger ikimiziň sogabymyz deň boljak bolsa, munça ýol söküp gelmezdim — diýýär.

— Näme üçin? — Sebäbi men Allatagalanyň permanyny ýerine ýetirýärin. Sen bolsa Onuň emrine garşy çykýarsyň. Ol maňa ýagdaýyň bolsa haj etmekligi buýurdy, meniň ýagdaýym bar, şonuň üçin haja geldim. Saňa bolsa «Öz eliňiz bilen özüňizi heläkçilige salmaň» diýdi. Diýmek, meni bu ýere ýörite çagyrypdyrlar, seni bolsa uzurly bolanyň üçin çagyrmandyrlar. Men çagyrylan myhman, sen bolsa çagyrylmadyk gelmişek. Çagyrylmadyk myhman ýörite çagyrylan myhman bilen hiç deň bolmaz.

Leave a comment