
Bir adam beýik pir Marufy-Kerhiden:
— Gazanç edelimi ýa-da rysgalyň özi bize gelýänçä oturyp garaşalymy? – diýip soraýar. Ol:
— Gazanç etmek has oňat – diýipdir. Ýaňky adam:
— Seniň ýaly adam şeýle diýýärmi?! – diýipdir. Marufy-Kerhi oňa şeýle jogap berýär:
— Hawa men şeýle diýýärin. Men bu pikiri Allanyň kelamyndan öwrendim. Onda Hudaýtagala hezreti Merýeme «Hurma agajyny eliň bilen yra! Şonda saňa terje hurmalar ýagar» diýýär. Allatagala hezreti Merýeme ol agajy yrgyldatmasa-da hurmany ýagdyryp bilerdi, emma ol şonda-da adamlara görelde bolsun diýip, ony hereket etmäge çagyrdy. Bu barada şeýhulyslam hezreti Abdylla Ensary şeýle diýýär: «Ýalta bolmaz ýaly, eliňi gymyldat! Kapyr bolmaz ýaly, ryzkyňy Alladan dile!»
