Kerpiç

Bir gün bir adam kazy Iýazyň ýanyna gelip, oňa sowal berýär:

— Eý musulmanlaryň ymamy! Eger hurma iýsem, dini taýdan günä bolarmy?

— Ýok.

— Eger oňa biraz sirke garyp iýsem, nähili bolar?

— Zyýany ýok.

— Suw içsem näder?

— Rowa bolar.

— Hurma şeraby şu üç zatdan düzülýär. Oňa näme üçin haram diýýärsiň?

— Eý, ýaşuly! Seniň kelläňe azajyk gum döksem, kelläň agyrarmy?

— Ýok.

— Eger bir owuç suwy kelläňden döksem, nähili bolar?

— Hiç zat bolmaz.

— Eger men suw bilen topragy garyp, ondan kerpiç ýasap, kerpiç bilen kelläňe ursam, nähili bolar?

— Kelläm döwler.

— Bärde kelläň döwlüşi ýaly, ol ýerde (seniň soran sowalyňda) diniň döwler!

Ol adam jogap tapyp bilmän, ryswa bolup yzyna gaýdýar.

Leave a comment