Nadanyň öwgüsi

Günlerde bir gün bir adam akyldar Eflatunyň ýanyna gelip, oňa:

─ Şu gün men bir üýşmeleňde otyrkam, pylany seni örän öwdi, saňa kän alkyşlar aýtdy – diýipdir.

Eflatun bu sözleri eşidip, başyny aşak salyp, gama batypdyr. Ýaňky adam:

— Eý, akyldar, näme üçin gama batdyň? Seniň ýüzüň üýtgär ýaly, men saňa näme diýdim? – diýipdir. Eflatun oňa şeýle jogap beripdir:

— Meniň oý-pikire batmagym seniň sözüň sebäpli däl. Men bir nadan adamyň göwnünden turup, onuň öwgüsine mynasyp bolar ýaly nähili erbet iş etdimkäm diýip pikirlenýärin. Bir nadanyň göwnünden turjak işi etmek ýaly, uly bela barmydyr?! Nadan adam diňe nadanyň hereketini makullaýar ahyryn.

Leave a comment