
Dawut Taýy Ebu Hanyfanyň ýakyn şägirtleriniň biridir. Ol ömrüniň ahyrynda takwalyk ýoluny seçýär we halkdan arany açyp, terkidünýälige baş urýar. Bir gün kazy ymam Ebu Ýusup Bagdadyň kazysy wagty bezemen lybasy bilen onuň ýanyna gelýär. Dawut Taýy bolsa, derwüşleriň endigine görä, sadadan köneräk donly eken. Ebu Ýusup oňa:
— Eý, doganym, eger isleseň, men seniň bu köne geýimleriň ýerine täze don bereýin – diýýär. Dawut hezretleri oňa şeýle jogap berýär:
— Sen öz maksadyňa ýetdiň. Şeýdip, lybasyňy täzelediň. Eger biz hem maksat-myradymyza ýetsek (Hakyky ýarymyz Alla gowuşsak), eşigimizi täzeläris – diýýär.
Ymam Ebu Ýusup aglap, onuň ýanyndan gaýdýar.
