
Bir gün Abdylla ibn Mübärek Horasanyň emiriniň ýanyna gelipdir. Emir ony şanyna laýyk garşy alyp, uly hormat goýupdyr. Olar gepleşip otyrkalar, Abdylla Mübärek hezretleri emirden:
— Sen duşmanyňy gowy görýäňmi ýa baýlygy? – diýip sorapdyr. Ol:
— Elbetde baýlygy – diýipdir. Abdylla Mübärek:
— Onda näme üçin gowy görýän zadyňy (baýlygy) bu ýerde goýup gidýärsiň, halamaýan zadyňy (garşydaşyňy, hakyny iýen adamlaryňy) bolsa özüň bilen o dünýä alyp barýarsyň? – diýipdir.
Emir bu sözleri eşidip, özüne gelipdir (gaflatdan oýanypdyr) we haýyrly işler bilen meşgullanmaga başlapdyr, halkyny adalatly dolandyryp, adamlara ýardam goluny uzadypdyr.
