Isleg

Dünýä belli pedagog Jon Dýui körpe ogly bilen howluda oýnap ýören eken. Biri-birleri bilen suw sepişdiki oýnansoňlar, olaryň aýak ýalaňaç duran ýerleri lüýk bagta bolupdyr. Bulary synlap oturan dostlarynyň biri Jona seslenip:
– Jon! Ogluňy batgadan çykar ahyry, soň ol keselläp oturmasyn! – diýipdir. Şonda Jon oňa şeýle jogap beripdir:
Hawa, batgada oýnasa oglumyň kesellejegini menem bilýärin. Ýöne ony batgadan men çykarmaly däl. Meniň çykaranymyň oňa hiç hili peýdasy bolmaz. Sebäbi batgadan onuň özi çykasy gelmeli. Ine, men nädenimde şol isleg onda dörärkä diýip pikir edip durun!

Leave a comment