
Pul husytlaryň, ýarag gorkaklaryň elinde bolsa, şeýle-de geňeşe gatnaşýanlaryň aglabasy ejizler bolsa, onda hemme zadyň işiniň gaýtdygy biläý.
* * *
Maslahatda dogry karara gelinmegi üçin diňe dogry geple!
* * *
Dostuň dosty bol! Dostlaryň ählisi bilen deň gatnaşyk sakla!
* * *
Halkyň aladasyny etseň, başyňa geljek bela-beterler deňiňden sowlup geçer.
* * *
Bigünä adamlaryň gargyşyna galmakdan ägä bol!
* * *
Näme diýýäniňi we nirede gepleýäniňi bil!
* * *
Başa gelip biljek belalaryň beterinden beteri bardyr.
* * *
Haka gulluk edýänleriň guly bol!
* * *
Zulum – wadaňdan dänmekdir.
