
– Eý, adamlar! Men siziň iň ýagşyňyz däl hem bolsam, size baştutan bellendim. Elbetde, Kuran doly inip gutardy, Pygamberiň (s.a.w) sünneti hem aç-açan belli. Men hem bolup bilsem, Pygamberiň (s.a.w) ýoluny dowam etdirijidirin. Täze çygyr açmaryn. Eger bu işi dürs ýerine ýetirsem, meni goldaň! Eger ýalňyşsam, meni düzediň!
– Eý, Allanyň gullary! Sizden öň ötüp geçenler barada oýlanyň. Bakyýete göçenlerden sapak alyň. Olar düýn nirededi, bugün nirede?! Hany, söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen gerçekler nirede? Wagt olaryň hem hötdesinden geldi. Şu wagt olaryň bary çakyr süňk bolup ýatyrlar. Indi olar diňe ýagşylykda ýa ýamanlykda ýatlanar. Çünki her kimiň sylagy onuň bitiren işine görädir. Hany, Ýer ýüzünde köşki-eýwanlar saldyran patyşalar nirede?! Olaryň bary ötüp gitdi. Hamana ýaşamadyk ýaly, biz bu gün olaryň birini hem ýatlamyzok. Dünýä olara galmady. Soňkylar hem näme iş bitiren bolsalar, şonuň bilen göçüp gitdiler. Olaryň yzynda biz galdyk. Biz muny sapak edinsek, halas bolarys. Ýok, geldi-geçer ýaşasagam, onda heläk bolarys.
– Allanyň razylygy üçin aýdylmadyk sözden peýda ýokdur. Allanyň ýolunda harçlanmadyk baýlykdan haýyr ýokdur. Edep-ekramy nadanlygyndan asgyn gelen kişiden haýyr ýokdur. Ýazgarylmakdan gorkup, hakykaty aýdyp bilmeýän adamdan hem haýyr ýokdur.
