
– Ýagşylygy ýaýyp, ýamanlygyň öňüni almagy parz bilýän adamlara gulluk edýänler halas bolarlar. Şeýtseler, olar hem öz borçlaryny berjaý etdigi bolar. Hergiz haý-höwesiňize aldanmaň! Betnebislikden we gahar-gazapdan gaça duranlar halas bolarlar. Tekepbirlikden ägä boluň! Toprakdan ýaradylyp, ýene topraga gaýdyp barjak hem-de mör-möjeklere şam boljak ynsan ogly nämesine baýrynýarka?
– Işläň, zähmet çekiň! Wagtyňyzy bihuda ötürmäň! Bigünä adamyň gargyşyny almaň! Ahyrete taýýarlyk görüň! Sabyr ediň! Sebäbi her işiň başy sabyrdan başlanýar. Ätiýajy hergiz elden bermäň! Şeýtseňiz, kösenmersiňiz. Işläň, azap ediň! Azap edene rehnet bardyr. Haktagalanyň gadagan eden zatlaryndan gaça duruň, Onuň buýran zatlaryny berjaý ediň! Bir zada düşünjek çalyşsaňyz, düşünersiňiz. Takwa boljak boluň, bolarsyňyz. Allatagala sizden öňküleriň näme sebäpden heläk bolandygyny, näme sebäpden hem ýalkanandygyny äşgär beýan edipdir.
– Eý, adamlar! Size berjek maslahatym ine şeýle: Mydama Alladan gorkuň! Size ýarasa-da, ýaramasa-da Hakyň ýoluny tutuň! Dogry bolmadyk sözüň hiç bir ähmiýeti ýokdur. Ýalan sözleýän adam ýoldan çykandyr. Ýoldan çykan hem heläk bolar!
