
– Eý, Omar! Biri saňa görübilmezçilik edýän bolsa, ol soňam saňa görübilmezçilik eder. Biri seni söýýän bolsa, ol soňam seni söýer. Ýagşyny däl-de, ýamany halaýan adamlar owal-ahyr bolupdyr. Mundan soň hem boljakdyr.
Hezreti Omar (r.a) hezreti Ebu Bekire (r.a):
– Eý, Resulallanyň halyfy! Maňa halyflyk gerek däl – diýdi. Şonda Ebu Bekir (r.a) oňa şeýle jogap berdi:
– Bu wezipe saňa gerek däl bolup biler, ýöne sen şol wezipä gerek. Sen Pygamberimizi (s.a.w) gördüň, onuň bilen hemsöhbet bolduň, biziň üçin Pygamberimiziň (s.a.w) nämelere döz gelendigine şaýat bolduň. Onuň durmuşy bizi hem ýagşy işler etmäge ruhlandyrdy. Sen meniň hem halyflyk edişimi gördüň. Maňa köp ýerde goltgy berdiň. Men Allanyň Resulynyň wezipesini dowam etdirdim. Şu güne çenli arkaýyn aýagymy uzadyp ýatyp bilmedim?! Bir zada anyk göz ýetirmän geplän ýerim ýokdur. Hak ýolundan asla aýrylmadym.
