Hezreti Ebu Bekir (r.a) hezreti Omary (r.a) halyf belleýändigini tassyklaýan wesýetnamany ýazdyryp, ony ýene ýanyna çagyrdy (dowamy):

– Eý, Omar! Berk belle! Allatagalanyň gije berjaý etmegi buýran käbir zatlaryny gündiz berjaý etseň kabul bolmaz. Gündiz berjaý etmegi buýran käbir zatlaryny hem gije berjaý etseň kabul bolmaz. Kyýamat güni mizan terezisi gurlanda kimiň amallary agyr gelýän bolsa, ol hökman dünýede hakyň tarapynda bolandyr. Sebäbi diňe hakyň tarapynda bolanlaryň amallary mizanda agyr geljekdir. Şol gün kimiň amallary ýeňil gelýän bolsa, ol hem dünýäde hökman gaflatda ýaşandyr. Sebäbi diňe gaflatda ýaşan kişiniň amallary mizan terezisinde ýeňil gelýändir. Öňem biri: «Men erbet amallarym barka, jennete nädip gireýin?» diýipdir welin, Allatagala onuň erbet amallaryny öçürip, diňe ýagşy amallaryny terezä urupdyr. Ýene biri hem bolsa: «Meniň ýagşy amallarym şeýle bir köp welin, hökman jennete girerin» diýipdir welin, Allatagala hem onuň ýagşy amallaryny öçürip, diňe ýaman amalaryny terezä urupdyr. Özüňem bilýärsiň, Allatagala gazap aýatyny rahmet aýatyna, rahmet aýatyny bolsa gazap aýatyna ýanap indiripdir. Munuň sebäbi musulmanlaryň umyt bilen gorkyny deň derejede saklamagy, öz-özlerini oda atmazlyklary we Haktagalanyň olara hiç bir ýagdaýda hiç bir zada borçly däldigini ýatdan çykarmazlyklary üçindir.

– Eý, Omar! Seni ilki bilen öz nebsiňden, soňra adamlardan ätiýaçly bolmaga çagyrýaryn! Sebäbi adamlar seni gözlerinden sypdyrmazlar. Olaryň arz-şikaýatlary hergiz gutarmaz. Sen sähel ýalňyşlyk bilen olara uly zyýan ýetirip bilersiň. Şonuň üçin sen Alladan gorksaň, adamlar hem senden gorkar.

Hezreti Ebu Bekiriň (r.a) ýüzüginde şeýle ýazgy bardy: «Allatagala, gör, nähili ajap gudratyň eýesi!»

Leave a comment