Hezreti Ebu Bekiriň (r.a) Amr ibn Asa (r.a) aýdan ündewleri:

Hezreti Amr ibn As (r.a) üç müň adamlyk goşuna serkerdebaşy bolup, Şama ugrajak bolup durka, Hezreti Ebu Bekir (r.a) oňa şeýle öwüt-ündew etdi:

– Eý, Amr! Gizlinu-ýaşryn edýän her bir işiňde Alladan gork! Çünki Ol seni we seniň näme edýäniňi görüp dur. Eý, Amr! Senden has öň musulman bolan, senden has köp yslam dinine gulluk eden birentek adam barka, men seni serkerdebaşy belledim. Şonuň üçin sen hem ahyreti unutma, näme edýän bolsaň Allatagala üçin et! Gözegçiligiňdäki adamlara ata ýaly mähirli bol, olaryň aýbyny gözleme! Duşman bilen çaknyşykda mert bol, gorkma! Dönükleri derrew jezalandyr! Esgerleriňe berjek öwür-nesihatyň gysgadan täsirli bolsun! Öz nebsiňi jylawlap saklamagy başarsaň, gol astyňdakylar hem gepsiz-gürrüňsiz saňa boýun bolarlar.

Leave a comment