
– Gizlinu-ýaşryn edýän her bir işiňizde Alladan gorkuň! Allatagala özünden gorkýanlara dowzahdan halas bolmagyň ýoluny görkezer. Olara oý-pikirlerine gelmejek ýerlerden rysk ugradar. Kim Alladan gorksa, Allatagala onuň günälerini bagyşlap, sogaplaryny artdyrar. Takwa bolmak – Allatagalanyň gullarynyň birek-birege ündäp biljek haýyrlarynyň iň gowusydyr. Siz zekat ýygnaýjy bellenmek bilen Allanyň ýolunda gulluk edýärsiňiz. Muňa garamazdan, şahsy bähbitleriňizi diniň bähbidinden ileri tutýan bolsaňyz, diniň esasy diregi hasaplanýan käbir meselelere sowuk-sala çemeleşýän bolsaňyz, onda siz gaty uly günä galýarsyňyz. Şonuň üçin hem size ynanylan wezipäni birkemsiz ýerine ýetiriň!
