Hezreti Ebu Bekir (r.a) Ýezid ibn Ebu Süfýany (r.a) serkerdebaşy bellände, oňa dinde garyndaşparazlygyň gadagan edilendigini ýatladyp, şeýle öwüt-ündew edýär:

– Eý, Ýezid! Seniň dogan-garyndaşlaryň köp, duşmanlaryň hem az däl. Men, esasanam, sen öz garyndaşlaryňy beýleki adamlardan aýry tutarmykaň öýdüp gorkýaryn. Hiç kimi başarmajak wezipesine belläýmegin! Pygamberimiz (s.a.w): «Bir adam özüniň eýeleýän wezipesinden peýdalanyp, kimdir birini howandarlyk bilen bir wezipä bellese, Allatagala ony länetlär. Onuň parz, nepil – hiç bir ybadatyny kabul etmez. Ony dowzahyň odunda ýakar. Kimde-kim din doganyna degişli bolan bir zady nähak ýere alyp, başga birine berse, Allatagala ony länetlär» diýdi. Allatagala adamlary imana getirmäge, diňe özüniň goragy astynda bolmaga çagyrýar. Şonuň üçin hem Allatagalanyň goragynda gezýän kişiniň hakyny iýen adam hökmany suratda Allatagalanyň länetine uçrar.

Hezreti Ebu Bekir (r.a) esgerlere ýüzlenip, şeýle öwüt-ündew edipdir:

– Takwalyk, dogry edilen işleriň iň haýyrlysydyr. Haka boýun bolmazlyk, ýalňyş edilen işleriň iň erbedidir. Ynamy ödemek, iň uly dogrulykdyr. Ýalan, iň uly hyýanatçylykdyr.

– Baran ýerleriňizde zalymlyk etmäň! Garry-gurty, aýal-ebtat, oglan-uşaklary öldürmäň! Haýwanlary hem öldürmäň! Duşman bilen ýaraşyk baglaşan bolsaňyz, ýaraşygyň şertini bozmaň! Keşişhanalarda, kiliselerde terkidünýä bolup ýaşap ýören keşişler bardyr, olary öldürmäň! Olaryň ybadathanalaryny ýumurmaň! Juda zerur bolmasa, olaryň mal-garalaryna, ekin-dikinlerine hem degmäň!

Leave a comment