
Syryny gizläp bilýän adam özüne erk edip bilýän adamdyr.
* * *
Iň akylly adam edilen işe dogry baha berip bilýän kişidir.
* * *
Bir gezek yza tesdiren işiňi soň hiç haçan tamamlap bilmersiň.
* * *
Adamyň berýän sowalyny terezä mündürip, onuň paýhasyny ölçemek bolar.
* * *
Günä işlerden bütinleý el çekmek garşy-garşy toba edip ýörmekden aňsatdyr.
* * *
Kemçiligimi düzedýän adamlardan Alla razy bolsun!
* * *
Özgäni düzetjek bolsaň, ilki bilen, özüň düzel!
* * *
Adama okaýan namazyna görä däl-de, hal-hereketine seredip baha beriň!
* * *
Ýürekleriň ýekirýän adamyndan daş duruň!
* * *
Şeriň nämedigini bilmeýän şeriň alyna düşer.
* * *
Dünýä köp ymtylma, şonda erkin ýaşarsyň.
