
Eý, adamlar! Gizlinu-ýaşyryn edýän her bir işiňizde Alladan gorkuň. Ýagşylygy ýaýyp, ýamanlygyň öňüni almaga çalşyň! Ýogsa, siziň bolşuňyz şuňa meňzär: Diýeli, adamlar gämide ýüzüp barýar. Köpçüligiň arasyndan biri hem oturan ýerini deşip başlaýar. Beýleki adamlar oňa «Beýtme» diýýärler. Ol bolsa: «Oturan ýerim meniňki dälmi? Islänimi ederin» diýip jogap berýär. Eger adamlar bileleşip, gäminiň deşilmeginiň öňüni almasalar, onda diňe bir ýaňky gämini deşýän adam däl, hemme kişi heläk bolar. Goý, Allatagala bizi we sizi bagyşlasyn!
* * *
Tagamdan gerk-gäbe doýmaň! Sebäbi aşa doýmaklyk ýaltalyga eltýär. Onsoň, namaz okasyňyz gelmez, üstesine derrew kesel tapynarsyňyz. Her zadyň çägini saklaň! Şeýtseňiz, isribiň öňüni aldygyňyz bolar. Şonda bedeniňiz sagdyn bolup, ybadatlary ýerine ýetirmäge çus bolarsyňyz.
* * *
Özüniň haý-höweslerini diniň buýruklaryndan ileri tutýan adam heläk bolar.
* * *
Gönüden-göni Allatagalanyň garamagyna degişli bolan döwletiň gaznasyny gorap, ýerlikli ulanmak babatynda men özümi ýetimiň baýlygy ynanylan adam ýaly hasaplaýaryn. Şonuň üçin juda zerur bolmasa, hazynadan ýeke teňňe-de almaryn.
