
Siz söweşde wepat bolanlara «şehit» diýýärsiňiz. Beýle diýmäň. Kimiň näme maksat bilen söweşe gidendigini bir Alla bilýär. Siziň «şehit» diýýän kişiňiz oljanyň yşkyna düşüp, söweşe gatnaşanyň biri bolsa nä bilýäňiz?! Şonuň üçin siz hem Pygamberimiziň (s.a.w.) aýdyşy ýaly: «Kim Allanyň ýolunda wepat bolsa, şol jennetlikdir» diýiň!
* * *
Şuny berk belläň! Zalymyň ýüzüne durup, hakykaty aýdyp bilmeklik adama wagtyndan öň ajalynyň gelmegine ýa-da rysgynyň kesilmegine sebäp bolmaýar. Gul bilen rysgyň arasynda perde bardyr. Gul sabyr etse, rysgy hökman ony gözläp tapar. Gul sabyrsyzlyk edip, şol perdäni ýyrtaýanynda-da onuň rysgynyň artjak gümany ýokdur.
* * *
Sada durmuşda ýaşaň! Saýry milletleriň ýaşaýşyna ymsynmaň! Zalymlar bilen hemsöhbet bolmaň! Araňyzda diniň düýp many-mazmunyna ters gelýän adatlaryň rowaç almagyna ýol bermäň. Arakdyr şerap goýlan saçagyň başynda oturmaň. Umumy hammamlarda uýat ýerleriňizi örtüň! Aýallaryňyzy umumy hammamlara ibermäň!
* * *
Käbir adamlar «Men hijret etdim» diýip arkaýyn aýdyp bilýär. Aslynda diňe günälerden el çeken adam hakyky manyda hijret eden bolup biler. Käbir adamlar hem agyz dolduryp «Biz jihad etdik» diýýärler. Aslynda welin, diňe haramlary terk adam hakyky manyda jihad eden bolup biler.
