Hezreti Omaryň (r.a) pähim-parasatly sözleri:

Men, esasanam, adamlaryň hakyny iýýän haramhorlara arka tutunjak kişileriň döremeginden ätiýaç edýärin. Baýlardan däl-de, Kurandan hemaýat gözläň. Ýagty geljegiň we sagdyn durmuşyň gözbaşy Kurandyr.

* * *

Eý, adamlar! Kalbyňyzy düzediň, şonda daş keşbiňiz hem düzeler! O dünýäňiziň abatlygy üçin zähmet çekiň, ine şonda bu dünýäňiz hem abat bolar.

* * *

Jennetiň ýoluny gözleýän adam jemagatdan aýrylmasyn. Ýekäniň ýarany şeýtandyr.

* * *

Haýyrly iş edende begenýän, ýalňyş iş edende-de gynanýan adam mümindir.

* * *

Nygmatyň elden alynmagyna gadyrbilmezlik ýaly güýçli täsir edýän zat ýokdur. Şükür etmek bolsa, nygmatyň kesilmezligine, hatda artmagyna sebäp bolýar.

Leave a comment