Hezreti Omaryň (r.a) pähim-parasatly sözleri:

Eý, adamlar! Açgözlük – garyplykdyr. Kanagatlylyk – baýlykdyr. Şuny ýatdan çykarmaň! Diş-dyrnak bolup toplan baýlygyňyzyň hözirini görüp bilmän dünýeden ötüp gidersiňiz. Sebäbi biz pany, wagtlaýyn dünýäde ýaşaýarys. Bu panyda herimiz öz nobatymyza garaşýarys. Pygamberimiz (s.a.w) heniz aýatda dirikä kim gyşyk hereket etse, derrew ylahy wahyý gelip, şony paş ederdi. Gizlinu-ýaşyryn edilýän erbetlikleriň biri hem jezasyz galdyrylmazdy. Indi bolsa, ylahy wahyý gelmez. Şonuň üçin hem iň bolmanda adamlaryň gözünde bir gowy görünjek boluň. Içiňiziň nähilidigini bolsa, bir Alla bilýär. Kimde-kim göz-görtele erbet iş edip, «ýüregim arassa» diýýän bolsa, oňa ynanmaň! Elbetde, biz haýyrly iş edýändigi aç-açan görnüp duran adama ýagşy kişi hökmünde garamalydyrys. Berk belläň! Aşa nebisjeňlik we açgözlük mynafyklygyň başgaça görnüşidir.

* * *

Eý, adamlar! Ýaşaýan ýerleriňizi arassa saklaň. Hal-hereketleriňiz düzüw bolsun! Allatagalanyň gazabyndan ägä boluň! Aýallaryňyza aşa ýuka köýnek geýdirmäň! Olaryň tenleriniň reňki görünmeli däldir.

* * *

Doňýürek adama doňýüreklilik ediler. Özgäni bagyşlap bilmeýäniň özüni hem bagyşlamazlar. Edenine ökünmeýän adamyň günäsi bagyşlanmaz. Özüni erbetlikden goramaýan adam erbetlikden päklenmez.

Leave a comment