Hezreti Omar (r.a) goşun serkerdesi Sad ibn Ebi Wakkasa (r.a) şeýle öwüt-ündew edipdir:

– Eý, Sad! Pygamberimiziň (s.a.w) daýysy bolmaklygyň özi seniň üçin uly bir synag. Ägä bol, aldanaýma! Allatagala üçin guluň aslynyň, içtimagy gelip çykyşynyň hiç hili ähmiýeti ýok. Allatagala guluň tagat-ybadatlaryna ähmiýet berýändir. Allatagalanyň öňünde hemme adam deňdir. Adamyň mertebesi onuň takwalygyna görädir. Sen Pygamberimizi (s.a.w) ýakyndan tanaýarsyň. Onuň (s.a.w) geçen ýoluna beletsiň. Şoňa görä-de, seresap bol! Onuň (s.a.w) ýolundan daşlaşmagyn!

– Özüňe we golastyňdakylara ýagşylyk etmegi öwret! Her gün işiňe ýagşy niýet bilen başla! Şuny bilip goý, her işiň taýýarlyk döwri bolýar. Ýagşy işiň taýýarlyk döwrüni bolsa, sabyr bilen geçmeli. Sabyr – kynçylyga döz gelmekdir. Sabyr adamy Alladan gorkmaga itermeli. Alladan gorkmaklyk bolsa, adamy iki zada eltmeli. Birinjisi, Allatagalanyň buýran zatlaryny berjaý etmek. Ikinjisi, Allatagalanyň gadagan eden zatlaryndan gaça durmak.

– Adamlara özüňi söýdürjek bol! Sebäbi pygamberler hem Allatagaladan adamlara özlerini söýdürmegi diläpdirler. Allatagala özüniň söýen guluny adamlara hem söýdürer. Allatagala özüniň ýekiren guluny adamlara hem ýekirder. Diýmek, adamlaryň seni nähili gowy görşüne seredip, Allatagalanyň seni nähili gowy görýändigini bilip boljak eken.

One thought on “Hezreti Omar (r.a) goşun serkerdesi Sad ibn Ebi Wakkasa (r.a) şeýle öwüt-ündew edipdir:

  1. Es Salam aleykum. Sizin paylashyan zatlarynyzy gowy gorup okayan. Sagbolun. Alla razy bolsun. Meninem birki sany duzen goshgularym bardy websitenizda paylashyp bilersinizmi. Eger bolyan bolsa habarlash.me@gmail.com yazsanyz begenerdim. Sagboluň.

Leave a comment