Galmagal

Müýni bar adam galmagalçyl bolar. (Ýusuf Atylgan)

* * *

Eger sizi hiç kim diňlemeýän bolsa, gygyrmak kanunalaýyklykdyr. (Irwin Dewid Ýalom)

* * *

Siz, heý-de, zergäriň alagykylyk bolup ýörenini gördüňizmi?! Gymmatly harydy bolan adam goh etmez. Pomidor, burç satyjysynyň sesi belentden çyksa-da, zergäriň sesini asla eşitmersiňiz. Köne-küşül zatlary satyn alýan adam ýolboýy gygyryp gezýän hem bolsa, gadymy gymmatbaha zatlary satýan adam alagalmagal bolup ýörmez. Adam goh edýän mahaly pikirlenip bilmeýär. Pikirlenip bilmeýän adama bolsa, gyzyl-ýumruga girmekden başga alaç galmaýar. (Nejip Fazyl Kysakürek)

Leave a comment