
Üstünligiň açarynyň nämededigini bilemok, ýöne şowsuzlygyň açary welin, her kimiň göwnüni görmäge çalyşmakdadyr. (Bill Kosbi)
* * *
Şowsuzlyga uçramak iki tarapdan bähbitlidir. Birinjiden, eger ýalňyşan bolsaňyz, nädeniňde ýalňyş bolýandygyna düşündigiňiz bolýar. Ikinjiden, şowsuzlyk size täze başlangyçlara girişmäge mümkinçilik berer. (Rožer Wan Oih)
* * *
Mergen nyşanany urup bilmese, günäni özünden gözlemeli. Nyşanany urup bilmezlik – nyşananyň günäsi däl. Mergenlik ukybyňyz artar ýaly öz üstüňizde köpräk işläň! (Gilbert Arland)
* * *
Şowsuzlykdan, gaýtadan synanyşyk edip görmäge gorkjak derejede gorkmaň! Iň ahmyrly ýaşalan ömürleri üç söz bilen aňlatmak bolar: «etsem ederdim, etsedim, etmeli ekenim!» (Anonim)
