Başlamak

Hatda iň uzak ýollar hem ilkinji ädim bilen başlaýar. (Hytaý nakyly)

* * *

Kakylman açylan ýekeje gapy hem ýokdur. (Deýl Karnegi)

* * *

Başlamak üçin amatly pursata garaşsaň, hiç haçan başlap bilmersiň. Edil häziriň özünde başla! Şu wagtky duran ýeriňden, şu wagt eliňdäki bar zatdan başla! (Oldos Haksli)

* * *

 Ertir bütinleý başga adam boljak diýýän bolsaň, näme üçin şu günden başlaňok?! (Epiktet)

* * *

Başlamak – ýarysyny tamamlamakdyr. (Gorasiý)

* * *

Başy bar zadyň, soňy hem bardyr. (Kwintilian)

Leave a comment