Hezreti Omaryň (r.a.) ýolbaşçy hökmünde pespälligi elden bermeli däldigini ündäp, serkerde Utbe ibn Gazwana şeýle öwüt-ündew edipdir:

– Eý, Utbe! Duşmany ilki bilen Yslam dinini kabul etmäge çagyr. Eger kabul etseler, olara azar beriji bolaýma! Kabul etmeselerem, görene göz bolar ýaly paç bersinler. Şony kabul etmeselerem, onda ýaýdanman gylyjyňa ýapyş!
– Egniňe ýüklenen jogapkärçilik babatynda juda ätiýaçly bol! Alladan gork. Gaty häzir bol. Nebsiň seni men-menlige iterip, ahyretiňi berbat eýlemesin! Özüňi günälerden goraýşyň ýaly bol-telkigiň zyýanlaryndan hem gora. Dünýäniň näzi-nygmatlary saňa howp saljak iň uly zat bolarmyka öýdýärin. Sebäbi elpe-şelpeli durmuşda ýaşap ýören adam nädip dowzaha tüwdürilip gidenini hem duýman galar. Allatagala biziň ählimizi şeýle betbagtçylyga uçramakdan gorawersin!

Leave a comment