
– Kazyýetlik (hukuk bozulma bilen bagly islendik meselä garamaklyk) gaýragoýulmasyz hökmany ýerine ýetirilmeli borç bolup, muny ýerine ýetirmek sünnetdir.
– Kanuny çözgüt tapmak üçin arz-şikaýat bilen ýüz tutýan taraplaryň ikisini hem diňle, iki tarapyň hem aýdýan sözlerini doly seljer. Meseläniň çözgüdini tapan badyňa karar çykaryp, kararyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik et. Sebäbi ýerine ýetirilmän, ýöne hat üstünde galan kararyň hiç bir peýdasy ýokdur.
– Kanunyň öňünde hemmäni deň gör! Şonda, emläk we wezipe eýeleri senden goldaw görmek tamasyny üzerler, ejiz biçärelerem seniň adalatyňdan katumyt bolmazlar.
– Subutnama getirmek, şaýat tapmak – şikaýat bilen kazyýete ýüz tutýan tarapyň işi. Ant içmek bolsa – şikaýaty inkär edýän tarapyň işi. Ýagny şikaýat bilen kazyýete ýüz tutýan kişi şaýat tapmasa, şikaýaty inkär edýän tarap özüniň günäsizdigini ant içmek arkaly mälim edýär.
– Musulmanlary ylalaşdyrmak hak işdir. Emma haramy halala, halaly haram ulaşdyrjak ylalaşyk asla dogry däldir.
– Düýn-öňňin bir mesele bilen bagly çykaran hökümiň saňa hakykat bilen ýüzleşmäge päsgel bermeli däl. Ýagny bugün seniň pikiriň üýtgäp, düýnki mesele bilen bagly çykaran hökümiň ýalňyş ekendigine düşünen bolsaň, indiki gezek ýene şol bir mesele ýüze çykan ýagdaýynda täze üýtgän pikiriňe görä höküm çykarmaklygy kiçilik bilmeli däl. Sebäbi Hakykat bakydyr. Hakykata ýüzüňi öwürmek, ýalňyş ýoldan el çekmezlikden has haýyrlydyr.
