(dowamy)

– Kuranda, sünnetde duş gelmeýän bir mesele bilen bagly höküm çykarmaly bolsa, ilki bilen, şol meseläni ilik-döwme öwren. Onsoň, şoňa meňzeş meseleler bilen bagly höküm çykarlanda nämeden ugur alnan bolsa, senem şolardan ugur almaly. Soňra Haktagala haýsysyny has dogry hasaplar diýip pikir edýän bolsaň, şol hökümi hem saýlap almaly.
– Kazyýete şikaýat bilen ýüz tutan dawagäre şaýatlaryny getirmäge pursat ber. Eger ol görkezilen wagtda şaýatlaryny getirse, onda dawa onuň bähbidine çözüler. Getirmese-de, dawagäriň meselesine garalmaz.
– (Ar-namysly zenan maşgala zyna töhmedini ýöňkändigi sebäpli gamçylanyp jezalandyrylan şytlakçy; garyndaşlyk gatnaşygyndan hyýanatçylykly peýdalanmak bilen özüniň hossarçylyk edýän adamlaryny talaýan ýa-da olara zyýan ýetirýän kişi; ýalan ýere şaýatlyk edýändigi il arasynda bilinýän kişi – şulardan başga) Islendik musulman kişi beýleki bir musulman kişä kazyýetde şaýat bolup bilýär.
– Siz adamlaryň aýbyny gözlemäge borçly dälsiňiz. Siz diňe subutnama esasynda höküm çykarmaga borçlysyňyz. Dünýewi hökümler belli bir subutnama esaslanmaly. Ahyret bilen bagly hökümler bolsa, subutnamalara däl-de, niýete esaslanýar.
– Kazyýet işini alyp barýan mahalyň, ýagny Haktagalanyň hoşallygyny gazanmaga mümkinçilik dören pursatynda gahar-gazapdan, dargursaklykdan, duýgularyňa aldanmakdan ägä bol.
