
– Elimizdäki baýlyk diňe üç ýagdaýda biziň üçin haýyrlydyr: Birinjisi, şol baýlyk halal ýol bilen gazanylan bolsa. Ikinjisi, şol baýlyk halal ýolda harçlanýan bolsa. Üçünjisi, şol baýlyk bizi boş işlerden daşlaşdyrmaýan bolsa.
– Adamlar seni özüňe wagt aýyrmakdan alyp galmaly däl. Sebäbi soň munuň üçin olar däl-de, sen jogap bermeli bolarsyň. Gündiz boş ýatma. Sebäbi edýän her bir amalyň ýazylyp dur. Saňa ýamanlyk edýänlerden daş dur. Azam bolsa, salyh dostyň bolsun!
– Hakykat doly ýüze çykýança musulman doganyň eden işi barada erbet pikir etme. Musulman kişiniň agzyndan çykan sözi mümkingadar ters düşünmezlige çalyş.
– Seni öldürselerem dogrulykdan aýrylma. Özgäniň işine goşulma. Saňa degişli bolmadyk zatlar hakda gyzyklanma. Sebäbi wagtyňy boş geçirdigiň bolar. Saňa ýagşylyk islemeýän adamdan kömek sorama. Ýalandan ant içme, Allanyň gazabyna duçar bolarsyň. Ýamanlyklaryny görmejek bolsaň ýamanlar bilen dost bolma. Duşmandan gaça dur. Ynamsyz dostdan ägä bol. Allatagaladan gorkýan adamdan has ynamly adam ýokdur.
