
– Köp gülýäniň bady gowşar. Köp bälçireýäni äsgermezler. Köp gürleýäniň hatasy köp bolar. Hatasy köp bolanyň haýasy az bolar. Haýasy az bolanyň, haramy-halaly saýgarşy gowşak bolar. Halaly-haramy saýgarşy gowşak adamyň bolsa, kem-kemden kalby ölmek bilen bolar.
– Allatagalanyň ýalany terk etmek bilen ýalany öldüren, hakykaty aýtmak bilen hakykaty direlden bendeleri bar. Olar ýagşy işleri edip, ýaman işlerden gaça durýarlar. Gözleri bilen görmedik hem bolsalar, ahyretiň barlygyna ynanýarlar. Allatagaladan gorkýarlar. Olar bakylyga gowuşmak üçin panylykdan el çekýärler. Utanç-haýa Allatagalanyň olara bagş eden iň uly nygmatydyr. Ölüm Allatagalanyň olara bagş eden iň uly mertebesidir.
– Allatagaladan gorkýan kişi ar almaz. Takwaly kişi günäden daş durar.
– Ahyret bilen bagly işlerde zyýana galanyňyzdan, dünýewi işlerde zyýana galanyňyz has gowudyr.
