Hezreti Osmanyň (r.a.) musulman ymmatynyň halyfy hökmünde ilkinji hutbasy

Şura agzalary hezreti Osmany (r.a.) halyf belläp, onuň häkimýetini biragyzdan ykrar edenlerinde hezreti Osmanyň (r.a.) üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy, ony gara der basdy. Ol (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) münberine çykyp, owaly bilen Haktagala hamdy-sena aýtdy, Pygamberimize (s.a.w.) salawat dogalaryny okady. Soňra adamlara ýüzlenip şeýle diýdi:
– Siz pany dünýäde ýaşaýarsyňyz. Ömrüňiz paýawlap barýar. Şonuň üçin ahyrete örän oňat taýýarlyk görüň. Gün saýyn wagt azalyp gidip otyr. Ägä boluň! Bu dünýäniň oýny gaty kändir.
– Öten-geçenlerden ybrat alyň! Yhlasyňyzy elden bermäň. Hiç bir pursatyňyzy gapyl ötürmäň. Siziň hereketleriňiz hergiz gözden salynýan däldir. Hany, şol birmahallar dünýäde döwran sürenler nirede? Hany, dünýäde köşgi-eýwan saldyranlar nirede?! Nirede şolaryň dogan-garyndaşlary? Olary ýatdan çykardyňyzmy? Allatagala dünýä nähili ähmiýet berýän bolsa, sizem oňa şondan artyk ähmiýet bermäň.
Soňra hezreti Osman (r.a.) Kuranyň şu aýatyny okap, sözüni tamamlady:
«Olara şu dünýädäki ýaşaýşyň nämä meňzeýändigini mysal arkaly düşündir. Dünýädäki ýaşaýyş asmandan ýagdyrylýan ýagşa meňzeýär. Ýagyş ýagar welin, ýeriň üstünde ot-çöpler gögerer. Soň olar gugaryp, ýere döküler. Şemalam olary dyr-pytrak eder. Haktagalanyň gudraty ähli zada ýetýär. Mal-mülk, çaga-çuga – bular dünýäniň bezegidir. Baky galýan halal işler Haktagalanyň dergähinde sogap taýdanam, bagyşlanmaga tutaryk taýyndanam has haýyrlydyr» («Kehf» süresi, 45-46-nji aýatlar)
