
– Eý, adam ogly! Bir zady berk belle, seniň janyňy almak üçin bellenilen perişde hergiz seni unutmaz. Ajalyň ýetensoň, asla senden sowlup geçmez. Hamana ezraýyl özgäniň deňinden sowlup geçip, seniň duluňa gelip çökäýjek ýaly bolup, ölüme taýýar bol. Gaflatda ýaşama! Sebäbi sen asla ýatdan çykaryljak dälsiň.
– Eý, adam ogly! Sen bir zada dogry düşün. Eger sen gaflatda gezip, ahyrete taýýarlyk görmeseň, hiç kim gelip seniň ýeriňe taýýarlyk görmez. Sen hökman Haktagalanyň huzuryna barmaly bolarsyň. Özüňi şoňa taýýarla. Öz işiňi özgäniň üstüne ýükleme!
