Hezreti Osman (r.a.) ýene bir hutbasynda şeýle diýdi:

– Eziz we jelil bolan Allatagala size «ahyretiňiz üçin gazanç ediň» diýip dünýä malyny berdi. Dünýä pany, ahyret bolsa baky. Pany bolan dünýä siziň başyňyzy aýlap, baky bolan ahyretden armanly goýmasyn. Panyň ýerine bakyny saýlap alyň. Dünýä ýok bolup gider. Iň soňunda barjak ýeriňiz ýene-de Haktagalanyň huzurydyr.
– Allatagaladan gorkmak – Allatagalanyň gazabyndan goraýan galkan hem-de Onuň razylygyny gazandyrýan serişdedir. Baryň bilelikde, bir bolup hereket ediň. Bölek-büçek bolmaň. Allatagalanyň size eçilen nygmatyny ýatdan çykarmaň. Siz öň biri-biriňize duşmandyňyz. Ýöne soň, Allatagala siziň ýürekleriňizi birleşdirdi. Allatagalanyň size eçilen doganlyk nygmatynyň saýasynda siziň baryňyz dogan bolduňyz.

Hezreti Osman (r.a.) welilik mertebesine ýetip, hakykata göz ýetiren kişini şeýle taryplaýar:
– Kalbynda Allatagala bolan bimöçber gorky we Allatagalanyň merhemet etmegine bolan çäksiz umydy göterýän kişi. Dili bilen Allatagala çäksiz minnetdarlyk bildirýän, Allatagalany mydama wasp edýän kişi. Utanç-haýasy we gözýaşy bilen gözüniň öňi perdelenän kişi. Dünýä gereginden artyk ähmiýet bermän, mydama Haktagalanyň razylygyny arzuwlap gezýän kişi.

Leave a comment