– Güzeran ýagdaýy peselip, halys ýetjek derejesine ýetenem bolsa, adamyň kanagat edip ýaşamagy ony özgä el sermekden gorar, onuň ruhuna gözellik eçiler. Kynçylygyň öňünde ejizleme, sabyrly bol. Sebäbi kynçylykdan soň hökman ýeňillik gelýändir.
– Men şeýle adamlara geň galýaryn:
Ähli işleriň Beýik Ýaradanyň emri bilen amala aşýandygyny bilibem, elinden gideren zadyna gynanýan;
Öljegini bilibem, köp gülýän;
Dünýäniň panydygyny bilibem, onuň üstündäkilere, dünýewi baýlyga ymsynýan;
Ölenden soň direldilip, özüniň hasaba çekiljegini bilibem baýlyk toplaýan;
Dowzahda azap barlygyny bilibem çekinmän günä iş edýän;
Jennetde baky aramlyga gowuşjakdygyny bilibem, dünýede ýaltalyk edýän;
Allatagalanyň barlygyny ykrar edibem, ynsan balasyny öwüp arşa çykarýan.

