
– Be, keýik jora, bu gün görünmän oňduň-la?
– Irden-ä bir geldimem welin, bilmedim goňşulaňa gidipsiňmi, nämemi? Güzeriňde ýok ekeniň. Onsoň, garaşmaga kän wagtym bolman, gidiberdim-dä. Ine, häzirjigem, şondan gelip durşum.
– Be, daşa gitdiňm-aý, jora?
– Şu gün ähli janly-jandara oturym ýer paýlandy.Oňa edil ýer süýşen ýaly bolubam barypdyrlar. Senem äkidäýjekdim welin, näme nesibäň ýokdur-da.
– Onsoň, ikimize nirräkden paý ýetdi?
– Saňa suwy, maňa-da çöli berdiler, balyk dost.
– Ol-a, boluberipdir welin, aýtsana, keýik jora, hol, jadyly alaja taýak bar-a, şol kime ýetd-ä?
– Onyň-a, halypa, adamzada beräýdiler öýdýän.
– Dogry, dogry! Alaja taýagyň, hile-pirimiň ygtyýary adama geçdi diýsene? Onda, jora jan, başardygyňdan, guşgunjygyňy syrdabergin. Ol ne suwda meni, ne gyrda seni goýar.
* * *
– Eý, janawer, o gün geçemde-de syn kyldym welin, ikiňiziň otdur suwuňyz, ahyrdyr gazygyňyz, hatda boýunbagdyr şyhmütüriňizem, birmeňzeş.Ýöne şonda-da, sen, ol işege görä horydarak-la?
– Sebäbi, bu tokly, hol, eli pilliňki. Ol şu taýyk, ekin üstünde göçüp gaýdanda, bag goýnuna höwür borum ýaly, eýämden dilägetdin menem alyp gaýtdy. Şondan bäri paçakdyr peçege deň ýapyşyp, suwy bileje içsegem, men ýellesräkdirin. Çünki agşamyna eýesi, öz işegine seredip ýatýar welin, göwnüm galyp, birhili sykylan ýaly bolýaryn.
