HAÝWANLAR HAKYNDA TYMSALLAR

(dowam)

– Ýeri, how, düýe dost! Bi burnuňa ýel düşürişiňe, ber-başagaýlanyp, nirä turduryp barýaň?
– Be, görüp dursuň-a, gözüme urlan ýaly gaçýanymy? Meni how, «senjagaz tilki» diýip, soýjak bolýarlar-a, daşyma geçip.
– O näme beýle? Seň tilki däl-de, düýedigiň hak ahyryn. Şeýle mese-mälim zady hi ýerde-gökde bilmeýän barmy diýsene?
– «Men düýe. Ony gözi çyzylanda bilmeýänem bolmaz» diýip, barmagyňy büküp, takal okynçaň, wa-ah, halypa jan, hamyňy küle serjekler. Sen, how, giň ýeriň gürrüňini etme-de, bir düşün. Hak haka ýetinçä, Ezraýyl jana ýetjeg-ä! Wah, sen…» diýen düýe sözünem soňlaman, patanaklap ümdüzine gidipdir.
* * *
Gadym eýýam uly obanyň ýakasyndaky jeňňelde iki sany eýmenç ýylan ýaşanmyş. Olaryň biriniň kyrk sany guýrugy, beýlekisiniň bolsa, kyrk sany kellesi bar eken.
Bir gün säwlik bilen ýaňky jeňňele ot düşýär. Ýalnyň ýalmawuz dilleri ýakyp-ýandyryp ugransoň, hälki aždarhalar gaçmak bilen bolýar. Şonda kyrk guýrukly şamar başyny belent tutuşyna, otdan urdumyşlap geçýär-de, guýruklaryny eýerdip, umma gidýär. Beýleki kyrk kelleli janaweriň bolsa, hajyraw ýaly her kellesi bir tarap çekensoň, arman bilen köýüp galýar.

Leave a comment