(dowamy)

Ozalam ýurdundan tebil tapan guş uluja çagasyny göterişine, kölüň üstünden uçup barýan eken. Ol ýoluny ýarpylaberende – Balam! – diýip, penjesindäki perzendine ýüzlenýär – ulalyp, öýli-işikli bolaňsoň, maňa-da göz-gulak edersiň-dä?
– Waý, dädeme seretseňizläň. Sen ýaly bolamsoň seni eklemän, dagy men näme edeýin ahyry.
– Onda, müň keren ýalan aýdypsyň – diýen atasy ony dik-depeden palçyldadyp suwa taşlaýar-da, yzyna dolanýar. Emma guşuň ikinji çagasynda hem şeýle ahwalat gaýtalanýar.
Ýöne üçünji ogly kakasyna:
– Wah, men seni nädip eklärin şonda. Ol mahal meniň hem töweregimde garamçam köpelip, derdim başymdan agdyk bor-a – diýipdir.
– Wah, şeýdip dogryňyzdan geleniňem bolsun ahyryn – diýen atasy ony suwa zyňman, beýleki kenara geçiripdir.
* * *
Bir möjek tilkini kowalapdyr. Şonda mekir zalywat hudaý ýoluna bir gary biýz aýdyp sypýar. Ikinji ýola söbügine münülende-de, bäş gadak duz aýdyp ölümden gutulýar.
Üçünji öwrä welin, yrsgaly aýagyndanam ýüwrük möjek ony alarladyberipdir. Şonda, bergidarlygyny ýadyna salan tilki:
– Garyňy getir-de, biýziňi al, tereziňi getir-de, duzuňy al – diýip, dillenipdir. Demi daljygyp ugran tilkiniň pyşyrdysyna gulak gabartmadyk möjegem hassyldap arasynda:
– Wah, ardym, wah, irdim – diýipdir. Şonda, tilki:
– Irseňem aldyň, gurt aga! – diýip, duruberipdir.
