Ir eýýäm bir batyr dagdanly dagyň deresini söküp ýörkä, kert kemerden täsin galaýmaly bir jandaryň gürläp uçandygyny göräýýär:— Sered-ä, heniz dahyl gelmedik zady. Ana, ol gulaç ýetmez ganatlaryny ýygnady-da, dam-dam çeşmä ýöneldi. Asyl, onuň aýaklaram guşlaryňky ýaly iki däl-de, dört sany oguşýan. Hawa-la, «Gudraty görseň daglara bar» diýleni-dä. Haý, haý! Ganatlaryny güsürdedip, göge galşyna dagy syn kyl-a!Heý, ony bir ele salmanyň alajy tapylmazmyka?Şeýle pikirleri hyýalynda gaýmaladyp ýaňky ýigit ahyry bir akyldara sala salýar. — «Ganatlar-a goşa-goşadan. Özem dört aýakly. Dagyň bilinde otlap ýören ýerinden uçup gelşine, çeşmeden suwa inýärem» diýdiňmi? Dogry, dogr! Uly söz-ä toba welin, ertir heleý öýlesinden soň, ol öňki suwlagyna gelýär. Ýöne sen ondan öňinçä çeşmä, şu beýhuş dermanyny döküp çyk. Hoşmy? Soňam suwa eňegini basybildigi özünden gitjek ol janaweri güýl-de, eldeki etmäniň ugruna çykyber. Aýdylanlary gylynyn gyşartman ýerine ýetiren ýigit ilki bada ol jandaryň öň aýaklarynyň iç ýüzündäki ganatlaryny kesip taşlaýar. Yzyndanam art aşyklygynyň gapdalyndakylaryň daşyna geçýär. Soňra bolsa bakyp-bejerişine, ol täsin haýwany, ýagny, şu günki dal bedewlerimiziň iň gadymy ata-babasyna ýürek ýylysyny siňdirip ugraýar. Şeýdip, uzak ýyllaryň dowamynda atyň süňkdür summatyna, käbir kämilleşmelere girenem bolsa, onuň öňki ganatlarynyň ýerleri welin, tüý bilen örtüläýmän, kesilendäki garalygyna galyberipdir.
