— Sizden ýüz keren razydyryn, balalarym. Bir diýenimi iki gaýtalatman baý, hyzmat edensiňiz-ä.
Dogan-garyndaşlar! Hawa, sizem agyran-ynjan bolsaňyz, razy boluň! Goňşy-golamlar, «Kyýamat güni goňşudan» diýleni. Sizem razy boluň! — diýip egele guralyp daşy saklanyp oturan hassa delmuryp töweregine seretdi.
— Bir azajyk öwräýseňiz. Hol, çöküp oturan ak inerim bilenem alla-ýarlaşaýsam.
Ak erkegim! Kipaýatly maljagazym. Indi eýäň-ä mütdeti doldy. Käte ajrak, käte dokrak saklandyryn. Owsaryňy ýerliksiz silkip, erliksiz göwnüňe degen gezeklerim bolandyr. Ýöne baryny bagyşlap razy bolawergin, ak erkegim!
— Hawa, eýäm, dogup döräp, seň kölegäňde saýaladym. Ýamanlygam görmedim. Emma eýäm! Bir ýola gaýa-gopuzam ýokka, bilmedim nämesindendigini meni bir ýigrentgi agzy gara eşegiň guýrugyna tirkediň.
Ýadyňdamy?Ana, şonuň üçin welin, ömrylla razyl däldirin.
