GOWURSA-DA GOWURÝAR WELIN…

— Aý, kowumdaş! Gün-güzeranyň neneňsi? Bir kada-ýakulrak bardy-da? Ýa çopan taýak bilen seňrigiňe kakjak bolup durlarmy?

— Ýa, senem-aý, meýdan it aga. Dogry durup hyzmat etseň, şilkildap gazan-tabagyny ýalamaga kiltiňi dikmeseň-ä, ýüzüň üstünde burnuň bar diýýänem ýok-la.Onsoň näme, görşüň ýaly, bizem küşdümiziň ýetdiginden seňkildäp ýörendiris.

— Siz-ä «Namartja olam, sag olamlyga» salşyňyza, eýäňiziň saýasynda ýazylyp-ýaýrap ýörsüňiz welin, ine, iş bizde bar. Onsoň gaýrata galyp, minneti ýörgürlikdir görgürlikden çekäýmesek dagy alajam ýok.

— Sen çopany çaryk bagyndan tanap, eşek tezege bukulyp, awuňy alşyňa, nazarlan ýeriňi, desbidähel, güzer guraýşyňa-da, täsinler galýandyrys.

— Näme, it jora, sen meniň görgürligime şek ýetirjek bolýaňmy?

— Beýle niýetim-ä ýok welin, ýöne gözi ýitilikde seň bilen darkaş gurap bilermikäm diýen pikirde-dä özümem.

— Aý, hawa-la, onda näme, «Hemedan daş bolsa, kädibaş ýakyn» diýenlerine geläýmedikmi, it jora!

— Gözel göwnüň, meýdan it aga!

— Onda seret-de, hol aňyrky ýapyň ýüzünde bir gara görünýä welin, hany şonuň nämedigini aýdyp ber-dä?

— O taýda, möjek aga, biziň çopanymyz et gowrup otyr.

— Gowursa-da gowurýar welin, o çopanyň-a bir hili hapysadan halamarak ekeni.

— Ýa, senem, möjek aga, käte agzyň ugruna bir zady aýdyp goýberäýýäň-ow. Heý, meň baýry çopanymam hapysa bormy diýsene?

— Sen, it jora! Gözüňi giňräk aç-da, siňeje seret! Hol, gazanyň çep gulagynyň eddil aşak ýanjagazyna syn kyl, näme bar şo taýda?

— Ýa, senem-aý möjek aga, o taýda hiç zadam ýok.

— Wah, wah! Eýäň berýän duzly lukmasy, it jora, seň garagyň çöňňesini çykaryp, ony mäze öwrüberipdir. Hany, gözüňi giňräk aç-da, mazalyja tiňkäňi dik! Ana, ana, şo taýda bir gyl gazanyň gyrasyna ýelmeşiň ýatyr-a.

Leave a comment