ÝER EÝESINIŇ GAÇAÝŞYNY

Örän bir eýýäm köpi gören düýekeşiň lagar düşberen gara erkeçi bar eken. Synag-sermeg bilen agzyna näçe seretselerem, näme, «Taňrynyň güni darydan kän», ahyry bir ýola o janawer «Orta ýolda düýäň durmasyn» diýenlerini edýär.

Şeýdibem, howudy sypyrylyp, agyz ýeterinde esliräk garadendandyr dadran goýlan görgüli, Düýoýunyň bäri gapdalynda galybermezmi. Hydyr gören mal-da, ýüzüni güne garşy tutuşyna, gäwiş kakyp otyr. Özüňe beýle ýakaşyksyz ygbar dahyl gelenem bolsa, gününe kaýyllyga kemsiz werziş janawer sepini bildirmän otyr. Edil şol halataram eýle gapdalyndaky hysyr-pysyra seretse, ine, bir tilki guýrugyny sümek ýaly edip dur.

— Ýeri, how, halypa! Näme meň ýurdumyň edil ortasynda ap-arkaýyn gäwjerip otyrsyň-la. Tur-da, örän basym gümüňi çek. Ýogsamam, salymyny bermän düýt-müýt edip taşlarys.

— Haý, tilki jan, tilki jan, halys süregime ýetdiremsoň, şeýdip oturandyryn. Indi barara gapy, ýykylara çukur galan däldir, jora.

— Hany, beýdip gürrüňi sozup oturma-da, bes et takalyňy. Onsoňam häziriň özünde şu ýerden garaňy saýlaýmasaň, iýildigiň biläý.

— Wah-eý, tilki jora, şeýdip desbidähil iýip, şu güne gargamaly azapdan näçe çaltrak dyndyraýsaň, men-ä, saňa sag bolsunam aýtjak.

Şondan soň göwrümi giňän hälki tilki bir tüýdeşiniň ýanyna baryp, ýagdaýyny aýdýar.

— Ýok, tilki jan. Maňa ony iýiş diýme, häli görseň, erkegiň syr-syryljak etine meniň dişimem ötmez. Ýöne, öýkeleme, men size synçy tilki bolup beräýeýin.

— Ýeri, bor-da, bolmasa — diýen ýaňky tilki uzak eglenmän, möjegiňkä barýar.

— Aý, möjek akga, meniň mesgenimiň içinde bir egbarlan düýe çöküp otyr welin, kyn görmänjik, şony bir iýmäge kömekleşsene?

— Wah, tilki jan, sen gurt agaňa mydama şunuň ýaly ýumuş buýurma-la. Hany bir bir görkez bakaly. Oň ýalyjak zadyň jantyny ýakmak biz bilen. Ine, şeýdip, bularyň üçüsi kelte tirkelen ýalak bolup barsalar, garry erkegiň öňküje kakuwy. Äweýin, alňasaýynam diýenok.

— How, çagarygy çaşan peläket, näme tilki şepäň mülküne gelip, ekilmedik ýeriňde gögeripsiň-le. Indi bilýämiň, biziň seni nätjegimizi?

— Bilýän, möjek jan, siz meni iýersiňiz. Menem size ýaly batyr börä ganly lukma bolsam, dünýede armanym ýok diýşime, içimden pikir öwrüp otyryn. Ýöne sizden bir towakgam, meni gynamanjyk basym iýiň. Şonda etim-ganym gatap, göwräňize agramam salaýmaz.

— Be, düýe dost, aýdaý, onda seni niräňden iýip ugraly?

— Ine, meň agzymy açaryn welin, gel-de, kiçi dilimiň düýbünden iýip ugra. Şeýdip, gara erkeg-ä, açýar, gözsüz batyr zaluwadam oňa kellesini soku ugraýar.

— Ýa, senem möjek dost! Zat görmedik ýala-aý. Rugsat beremsoň dagy, bir hili senem, kelläňi gatyrak sok-a, agzyma. Ýogsam, kiçi dil aňyrrakdadyr.

— Menem-ä, düýe dost, şoňa şunça ýetjek bolýan welin, bir hili kelläm gabarakmy nämemi? — diýen möjek halys çynyny ediberende, gara erkek çalarak dyzyna galan ýaly edýär. Soňam gözüni ýumşuna, möhrüniň sürpegi çykan azylaryny birden gapyşdyrmazmy.

Şonda emele çolaşdyrylan gurduň guýrugy göz-göni bolýar-da, esli meýdany haraplap taşlaýar.

Bu ahwalaty synlap, haýýaty göçen mülk eýesem ýazzyny beräýýär. Edil şol halatam synçy tilkiniň:

— Gurt gardaşyň syçaýşyny,Ýer eýesiniň gaçaýşyny — diýen sesi garry erkegiň gulagyna kaklyşypdyr.

Leave a comment