«GARRY GAÝA GAÇAR, ÝIGIT DÜZE»

Atam möwritinde bir ýolbars güýç-gurbatdan galyşyna awunam alybilmän, güneşläp ýatan eken. Şol mahalam onuň ýanyna bir dyzmanak möjek geläýmezmi? Olar hal-hözir soraşanlar.— Ýör, ýolbars aga, seni bir hezil etdireýin. «Hoş» diýip, yzyma düşseň bolany.

— Meni hezil etdirjegiň çynyň bolsa, hany, onda ýere penje ur-da, gum peşe. Güýç-gorabyň neneňsiräkdigine bir göz ýetireýin.

Görse, heý ýöne, göwün suw içerli däl. Näçe abaýtoşsyran bolsa-da, goparýan gumy müjiň sähel öňüni dolajak. Özem oglan oýunjagy ýaly patylap alkyma düşüp dur.

— Sen ugruňajyk gidiber. Bu bolşuňa-da, men ýaly gäbi azany yzyňa düşürip äkidäýseň, birden günüňe it aglamaly bolaýmasyn.

Şondan soň esliräk wagt geçýär welin, öňkä görä has erleň-ýarlaň, epeý ýasaw bir gurt gelýär. Emma onuň-da gum goparyşyna lagar düşen peläketiň kän bir pisindi oturmandyr.

Şeýdip, gelene göwni ýetmän garysyna ýassanyp ýatan ýolbars çalaja ymyzganaýmazmy? Şol barmana-da, ol bir tapyrda gözüni açýar. Seretse, ine, garadan gaýtmaz böri daşynda çalganaklap ýör.

— Ýeri, how, ýolbars ýaşuly, bu nä boluş! Hany, gaýrata gal-da, bir yzyma düş. Seni üme-düme garasyny görmedik elpe-şelpeligiň üstünden elteýin.

— Agşam yşyklygymy äberjegiň çynyň bolsa, onda seniňem ýere aran urup, gum goparyşyňa bir syn kylaýyn.

Asyl, çak edişinden dagam bäş beter. Çaňňasy galtaşyp-galtaşmanka köşegiň kellesinden kiçräk kesekler edil jazaýryň oky ýaly bolşup honda düşýär.

— Görseň, akgaňlar, göwün ýeterçeräk bardyr, ýolbars ýaşuly. Heran-haçan bilip goýgun, gorulsaň, beýleki etseň, guk beräýgin. Ýanymda zadyň müşgili bolmaz.

— Haý, inim, seniň dogumdyr durkuň, sardyr görküň hoşuna geldi. Hawa, hawa… Men seň yzyňa düşeýin. Ýöne bir hili badyhowa parlaňküş görünýäň welin, barypýatan kemgeňeş bolaýmasaň.

Ine, şeýdibem bular kelte tirkelen ýaly bolup ugranlar. Bir ýapa çykyp seretseler, ana, pesetdäki otluk oýtumda bir süri gylýal ýaýnap ýör.

— Gördüňmi, ýolbars ýaşuly? Akgaňlar bilen bir ýaňa ugrasaň mydama şeýle: edil il berlen ýalydyr. Indi aýt-da, gutulaý, taýjanagyň hytyrtmagyny çeýnejekmi, baýtalçanyň?

— Kiçiräkkäm «Ogry bol, ynsaply bol» diýen bir gep gulagyma degipdi. Süriň ýaş-ýuşdyr jany jöwherlisine topulma. Şähterli mal eýesiniňem gözündedir. Ony ormardagetdin, ganyny içersiň welin, soňky haýýalessalasynyň öňünde duranyň işi bardyr. Ikimize «Şol ýok bolsa, tetärime gitsin-le» diýdirjek garry-gurtam bolsa bor-a.

— Ýok, ýolbars ýaşuly! Saňa şu gün hojagaz burnuny elä tutup barýan tulparça bar-a, ana, şonuň bagyr-öýkenini iýdirjekdirin. «Ýüzden ýüwrük çykar, müňden tulpar» (tulpar — taý taýa aşanda döreýän gitgir ýorga) diýleni-dä, oňa bir sered-ä. Endamyna dagy kümüş suwy berlen ýaly.

Onsoň ýaňky keleňter möjek ýylkybany bir ýaňa giden sürä serem salman, taýçanagy kowalan bolýar. Çeträge çykryşyna-da, gabyr-gubur basýar. Ikisi iki ýerden çekeläp durkalaram, çopan süri eýesini eýerdip alaňdan inýär.

— Hany, ol taryply tulparçaň görnenok-la?

— Ýaňy gidemde-de bar-da, baý aga. Özüne-de dars-dars edip, okkessirme geçip ýördi.

— Aý, diýseň-diýmeseň, şonyň-a gürüm-jürüm bolup, hak öýüne duşaýan ýaly-la.

— Ýok, ýok, Aýny hata bilýän. Hökman bolaýmaly.

— Wah, özem haý-haýly tohum baýtalyň neslindendi. Şoňa derek süriň gylla ýary gidenem bolsa «Wah» diýmezdim. Wah! Indi onuň «Alan aňry, gören taňry» boldugydyr — diýen baý süriniň daşyna aýlanyp, taýçanagyň yzyny çalmak bilen bolýar.

Eýýäm gözüňe söweýin, burç ýaly täzeje etden geregini ediniberen möjek töweregine garanjaklasa, iki sany atly gözüne urlan ýaly haýdaşyp gelýär.

— Ýolbars, aga! Bir seretsene. Ardurja üstümizi aldyrdyk. Indi nirä gaçarkak?

— Haý, inim, ozal «irindi-aryndysyndan al» diýdim welin-ä kes-kelläm etmediň. Indem näme, gaçmaly bolsa «Garry gaýa gaçar, ýigidem düze» — diýen ýolbars gaýa gapdala tutdurýar. Möjegem ýazgyn düzlüge tarap ýazzyny berýär.

Muny gören atlylaram münýär möjegiň söbügine. Şonda gutulmajagyna gözi ýeten möjek eýýäm gaýa golaýlap gizlenmäge ýetişen ýolbarsyň yzyndan delmuryp bakyşyna:

— Wah, kemgeňeşligim ahyrynda ýakamdan ýapyşd-ow — diýip ahmyr edipdir.

Leave a comment