«Hydyr» diýenim, hyrs çykdy

Öňem bir köpbilmiş köse «Hi, il gözünden sowaşygyrak ýerde Hydyr görüp, oňa weýran dilegini salyp bolmazmyka?» diýen pygyl bilen obasyndan saýlanýar. Dumanly daglara-da aralaşýar. Ýalçysyna ýarmaşyp, buljumly derelerden çykyşyna, ahyry darajyk jylgadaky gowagyň depesinden düşýär.

Gör, nähili çolalyk. Asyl, iňlär siňegem ýok. «Ine, men şu gowagyň garaňky duluny saklaýşyma, tä Hydyr ata gabatlaşynçam, mundan butnamaýyn» diýen hyýala gelýär.

Şeýdip irikgä bolup oturyşyna, dördülenji gün diýlende, gowagyň agzynda bir gara göze kaklyşan ýaly bolaýýar. Onsoň ol usullyk bilen ýerinden turup ugraýar. Şol barmana-da, bir tüýlek zat gujagyna dolaýmazmy? Sypag-sermeg edişdirse, ine bir äpet aýy. Şonda lapykeç bolan görgüli:

— Wah, «Hydyr» diýenim, hyrs (aýy) çykd-ow — diýip, lampa özüni goýberäýipdir.

Leave a comment