
Oduň başyny gallan üç kişi köremalçylykdan söhbet açyp peýrewäni urup otyr ekeni. Olaryň ikisiniň gepi-sözem, ýüzi-gözem, her bir hereketem sap-saýhally. Ýöne beýleki ýoldaşlary welin, diýseň çaldy-goýdy. Kakynjyrap oturyşyna, ýa ody ölçerýär, ýa oňa jagrama taşlaýar, dagy bolmasa-da, egri kesewini talawladyp, oturanlaryň gözüne tüsse gapdyrýar. Eger, eger, eli dek duraýsa nädersiň.
Oturanlaryň birä, oňa barmysyňam diýenok. Ýüzüni aşak salşyna öz gürrüňi bilen. Emma beýleki welin gorsawyň her bir hereketini yzlaýşyna, kejigme kemi galman, bolmajysy bolup otyr.
— Sen, how, halypa, halys ýürege-bagra düşdüň-le. Heý, beýle-de bir ýoknasyzlyk bor oguşýan. Gotur açan ýaly kakynjyrap, agşam yşyklyk çöplemämiziňem-ä soňuna sogan ekdiň.
— Bolýar, degmedigimiz, how, oduňyza — diýse-de bir salymdan ýene kesewini dürtekläp başlaýar.
Ahyry aýdylan-diýlen ýokmansoň, ony güýlüp taşlanlar. Şonda-da ol ýatan ýerinden:
— Pylany, hojagaz kesindileri ölçerişdirip, ojagaz iki agajam olaň üstüne atsana — diýende, oturanlaryň biri:— Wah, öwrenilen gylyk örkeseňem durmaz ekenow — diýip dillenipdir.
