
Bir gaýra syçmaz bilen şeýtan tabakdaş bolýar, allanäme jynlaram jynkyryşýar, gürrüňe tow tutduryp, çaý-çemenem içenler. Ahyry «indiki görüşýänçäk, sag bolmaşak» diýip, örüp ugranlarynda şeýtan:
— Weý, üpdeş, meň huşsuzlygyma seretsene? Asyl ikimiz ýaşam hasaplaşman ekenig-ä? — diýip ýesersiräpdir.
— Aýdaýyň, jora, söz sizdendir.Şonda şeýtan:
— Aýtsam, men-ä, dünýäň ylaýy eýlenip, ol tokga tutdurylyp ugralan ýyly ýaradylypdyryn — diýeninden, syçmaz elden-aýakdan çykyşyna, ulili bilen möňňürip ugraýar.
— Ýeri, how, üpdeş! Nä sütem görüp, zora düşdüň? Birden bagyryberdiň-le. Aýdyp otura sebäbini.
— Waý, aýtsam, seň şol doglan ýylyň men balaman ýaly ekizje ogly ardurja elden aldyrdym. Ana, ýaňy ýaşyňy ýatladyň welin, birden şojagazlam göz öňüme gelip, bozuldym oturyberdim-dä, jan jora.
