
Ýaş ýigdekçe depseň yranmaz tütjara hyzmatkär durýar. Ozalam öýdençeriniň rejesiz war-zirligini aşaklykdan synlap ýören kişi bir gün onuň iki sany kükürt çöp bilen ot ýakanyny göräýýär.
— Ýeri, ýigit, ony näme beýtdiň-le? Bu aýawsyzlygyň bilen-ä, haý bilmedim welin, hiç haçan zatdyr zynatlylyga ýetäýmeseň gerek. Eýýäm, ýaş başyňdan biriň ýerine ikini harçlamany öwreniberipsiň.
— Ýa jan aga! Ýersiz ýere gysylmasana! Muň gutusy bir pul ahyryn.
— Ol ýarym pulam bolsa bek bellegin. Bugdaý däneden, pagta hanadan önýändir. Hergiz ýersiz talhandökerlik edip, tarhandökerlige barjak bolmagyn. Yrsgaldan «Nirä barýaň?» diýip soralanda, onuň «Yrýa etmeýäniňkä» diýip, jogap gaýtarandygynam ömür boýy huşuňda saklagyn.
