
— Wah, jan gelnim, gepläp otur ahyryn. Hiý, beýle bela-da bir, böwre diň salma bormy? Indi niçeme gün, gaty geň-dä. Şol agzyňa suw alan ýalak-da sen, jan gelnim.
— Wah, Eneşiň enesi, ejem «Baran ýeriňde agzyňy ýarman, örän ümsüm oturgyn» diýip, öliň sargydyny sargady-da.
— Be, şeýdiýsene? Aý, onda-da, beýdip oturmagam gaty gelşikl-ä däl, özün-ä.
— Gelşiksizem bolsa, ejem «Daş-diş geplemegin. Sen gepläýseň, agzyňdan pohuň ysy gelýär. Şonuň üçinem gysajyňy gysmaly ýerindenjik gysyp oturgyn» diýip, gulagymdan-burnumdan çekme kemini goýmady-da.
— Onda-da jammyldap töweregiňdäkileň ýüregine düşmedejik, gepläber. Hiý, täze gelniň agzyndanam pohuň ysy germi? Hawa, jan gelnim, «Ynsan sözleşe sözleşe» diýlenidir. Gümürdeşipjik otursaň, gowy bor-a.
— Gürle diýseňiz, men-ä, sizden bir zady soramakçydym-da. Eneşiň enesi.
— Sora, gelnim jan, sora!
— Sorasam enesi, meni beren ogluňyz bar-a? Ana, şol birhili iňňe iýen it ýaly, burnuny syksaň jany çykjak. Birdennekgin şol öläýse, meni ondan kiçiňe dakarmyň ýa-da ondanam kiçisine?!
— Waý-eý, goýaweri gelnim. Agzyňdan pohuň ysy gelýär, seň-ä geplemän oturanyň müň paý gowy eken-eý.
