
Bir görgüli ýokdan bar edişine ogluny öýlendirýär. Ýöne gelni ýatan çöpi galdyrman, titisiräp mydar edýän iş ýakmazlardan ekeni. Bu ýagdaý gaýyn atanyňam, gaýyn enäniňem, halys, degnasyna degýär.
Günlerde bir gün olar gelinlerini synap görmek maksady bilen «Howlyny men süpürjek-de men süpürjek» bolşup, ýalandan dawalaşyp ugraýar. Pahyrlaryň pikiri gelinlerine «Waý, siz arkaýynja oturyberiň, beýdip harçaňlaşmaň-da, ony özümjik syraýaryn» diýdirmek ekeni. Hany o zatlaram, näme, bolaýýarmy.
Şonda gelinleri gelip:
— Uruş-sögüş ite ýagşy. Beýdip dereksiz zat üçin ýaka weýran bolşup durmaň-da, her gün biriňiz syryberiň. Nä indi şondam bileňizokmy? — diýipdir-de, sübsäni gaýyn atasynyň eline tutdurypdyr.
