Öňem bir zaman adamlar şeýle bir köpbilmiş bolupdyr welin, heý, ýöne goýaý. Şonda gerdekdäki gelindir çöldäki çopanam dünýäniň astyna-üstüne göz ýetirmäniň hötdesinden geliberipdir. Ine, bir gün görünmän ganat gerip ýören Ezraýyl, keşbini üýtgedişine ýazgyn ýaýladaky çopanyň ýanyna barýar.
— Aýtsana, çopan dost! Häzir Ezraýyl niredekä?
— Aý, ony häziriň özündejik biläýmedikmi?
— diýen çopan göge gulagyny germezmi.
— Aý, halypa, häzir Ezraýyl gök-dä däl. Hany ýerem bir diňläp göreýin. Be, ol peläked-ä, ýerde-de ýog-aý.
— Be, onda ol niredekanaýt?
— Aý, oň üçin kyn-gyssaga galyp oturma.Häzirjek gulagy dykagetdin, gözi ýumşumyza bir dünýäni düldüredip ugrarys welin, nädersiň, ýöne ählije zat aýdyňa geläýse.
— He, he, dur, dur! He! He! Be! Be, halypa, ýa sen, ýa men, garaz, görýän welin, ikimiziň birimiz Ezraýyl ýaly-la.
